«Yzzat Gylyjowyň bagty» atly sergi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Yzzat Gylyjowyň bagty» atly sergi açyldy. Sergide Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinden we suratkeşiň şahsy ýygyndysyndan, türkmen halk ertekilerine bagyşlanan grafika taslamalary, döwürdeşleriniň portretleri, hem-de halypa suratkeşiň milli nakgaşlygymyzyň nusgalyk eserleriniň jemi 200-e golaý töweregi görkezildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Yzzat Gylyjow özüniň milli sungaty bilen, gaýtalap bolmajak zehini bilen türkmen şekillendiriş sungatyny dünýä tanadan ussat suratkeşleriň biridir. Halypa, ussat eserleriniň üýtgeşik milli öwüşgini bilen, türkmen ruhunyň hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklaryny, şekillendiriş sungatynyň özboluşly diliniň kömegi bilen açyp görkezmegi başarýanlygy bilen tapawutlanýar.

Yzzat Gylyjowyň döredijiligi köptaraplylygy we ajaýyp eserleri bilen gaýtalap bolmajak özboluşly pursatlary jemleýän sungata baýdyr. Ussadyň döredijiligi ilkinji nobatda millilige ýugrulandygy bilen baglanyşyklydyr. Ol özüniň nakgaş eserleri bilen türkmen şekillendiriş sungatyny dünýä ýaýan suratkeşdir.

Ogulsuraý BERDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok