Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkyň belent maksatlary myrat tapýar, beýik işleri rowaçlyklara beslenýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy ruhlandyrýar. Geljegimiziň ýagty hem-de nurana ertelerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Hut şonuň netijesinde hem türkmen ylmy, bilimi täze basgançaklara çykyp, uly ösüşlere eýe bolýar, bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady mäkäm tutulyp, ol halkyň eşretli ýaşaýşyna, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär.
Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagy, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ylym-bilim ojaklary dünýäniň iň ösen innowasion tehnologiýalary we kompýuterleri bilen doly enjamlaşdyrylyp, bu ýerlerde bilim alýan ýaş nesilleriň okamagy we öwrenmegi üçin ähli şertler döredildi. Munuň özi döwletimizde ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň durmuşa geçirilmeginde netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Ylymly-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirip, bagtyýar ýaşlaryň aň we bilim taýdan döwür bilen aýakdaş gitmegi esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp, ulanylmaga berilýän, ählitaraplaýyn dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, giň we ýagty otagly orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, sport we sagaldyş dynç alyş merkezleriniň hem sanynyň barha artmagy ýaş nesiller barada edilýän aladanyň çäksizdiginiň subutnamasydyr.
Halkymyzyň bagtyýarlygy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Mawluda IGAMBERDYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň rus dili mugallymy.
Teswirler