QR-kod barada

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady. QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2D ştrih-kod) bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär we «Quick Response Сode» («dessin tassyklanylýan kod») diýip düşündirilýär hem-de mobil programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär.

Ilkibaşda QR-kod hyzmaty Ýaponiýanyň Denso kompaniýasy tarapyndan bölek ätiýaçlyk şaýlar daşalanda, olary belgilemek üçin zawodlarda ulanylyp başlanýar. Ykjam telefonlaryň mümkinçilikleriniň ösmegi bilen QR-kod adamzat durmuşyna giňden ornaşýar. Muňa mysal hökmünde köpçülikleýin awtoulaglarda bilet belgilerini anyklamak we belgilemek, harytlaryň ýüzünde haryt barada maglumaty görkezmek ýa-da haryt öndürijiniň internet sahypasyna salgylanmak, köçe belgilerinde, gollanma kitaplarynda, gaplamalarda, mahabatlarda internet sahypalarynyň salgylaryny şifrlemek üçin ulanylýandygyny görkezmek bolar.

QR-kod arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekde amatly hasaplanýar. Sanly hyzmatlaryň, şol sanda QR-kod tölegleriniň wirus ýaýradyjy keselleriň öňüni almak (töleg kartlaryny, ykjam enjamlary zyýansyzlandyryjy erginler bilen arassalamak zerurlygynyň aradan aýrylmagy) babatda hem amatlydygy sebäpli, bu ugra isleg bildirýän kärhanalaryň we banklaryň sany yzygiderli artýar.

Häzirki wagtda Hytaý, Fransiýa, Günorta Koreýa, Şwesiýa ýaly ýurtlarda QR-kod arkaly saglyk gözegçilik çärelerini berjaý etmek maksady bilen, raýatlaryň saglygyny anyklaýyş maglumatlarynyň, saglyk kepilnamasynyň hereketini yzarlamak bolýar.

Wekilberdi ORAZGELDİÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok