Diller dostluk köprüsi

Halkymyzda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen ajaýyp aýtgy bar. Berkarar döwletiň täze ýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap baý tejribeler toplanyldy.

Diýarymyzda sözüň doly manysynda dünýä dillerini çuňňur özleşdirmek üçin ýurdumyzyň ähl künjeklerinde giňişleýin şertler döredilendir. Türkmen ýaşlary dünýä dillerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Häzirki wagtda özbaşdak dil öwrenmek üçin döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Dilçi alymlar daşary ýurt dilini öwrenmegiň başlangyç döwründe gepleşigi beýan edýän kitaplardan peýdalanmagy maslahat berýärler. Olaryň pikirine görä, şeýle kitaplarda berilýän sözler we sözlem nusgalary sözlem düzmegiň umumy ýörelgelerini ýatda saklamak mümkinçiligini gowulandyrýar. Sebäbi gepleşik kitaplarda köp halatlarda sözlem nusgalary birinji ýöňkemede berilýär, bu bolsa dil öwrenijileriň gündelik durmuşynda degişli sözlemleri ulanyp bilmeklerine we olaryň gowy ýatda saklamagyna oňaýly täsir edýär.

Dil öwrenmekde her gün täze sözleri öwrenmegi maksat edinmeli. Daşary ýurt dilini öwrenip başlan ilkinji günüňden şol dilde gürlemäge, daş- töweregiňizdäki ähli görýän zatlaryňyzy beýan etmäge çalyşmaly. Dil öwrenmekde ýene-de bir esasy endige eýermeli, ýagny özleşdirýän diliňde eşidenleriňi içiňden gaýtalamaly.

Ýurdumyzda iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullar yny okuw işine ornaşdyrmakda önjeýli işler alnyp barylýar. Daşary ýurt dilini öwretmekde interaktiw usul, ýagny söhbetdeşlik, gepleşik, labyzly okamak, gürrüň bermek arkaly sapak geçmek has oňat netijeleri berýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylmyň ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýeläp, has-da gülläp ösjekdigine güwä geçýär.

Şöhrat GÜÝÇMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok