«Arçman» şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde, Aşgabat şäherinden günbatara 130 kilometr uzaklykda Köpetdagyň «Degirmendag» diýen ýeriniň eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýär. Şypahana 1915-nji ýylda açylyp, ilkinji näsaglary kabul edip başlaýar. «Arçman» şypahanasynyň 2009-njy ýylda 420 orunlyk binasy guruldy we öň hereket edýän durky täzelenen 500 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda ol 920 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi.
«Arçmanyň» şypaly suwy himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly-gidrokarbonatly, natrili-kalsili-magnili, gowşak aşgarlanan suwlar toparyna degişlidir. Onuň şypaly suwy içmek, suwa düşmek, içegeleri ýuwmak üçin ulanylýar. Ol beden agzalarynyň işjeňligini kadalaşdyrýar.
Halk arasynda «Arçman» şypahanasy, esasan, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini bejerýän şypahana hasaplansa-da, häzirki wagtda bu melhemler mesgeninde deri, nerw, aýal jyns agzalarynyň kesellerini bejermeklige-de doly şertler döredilendir. Bu näsazlyklary netijeli bejermek üçin bejergi otaglary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilendir.
Şypahanada aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryş ýollarynyň, daýanç-hereket synalarynyň, periferik nerw ulgamlarynyň keselleri, deri we ginekologik keseller bejerilýär. Şypahanada keseller toplumlaýyn bejerilýär. Bejergilerden başga-da dermanlyk otlardan taýýarlanan demlemeler we çaýlar berilýär.
«Arçman» şypahanasynda täze anyklaýyş-bejeriş we dynç alyş binalarynyň gurulmagy, öň bar bolan binalaryň durkunyň täzelenmegi bu ýere dynç almaga, şonuň ýaly-da bejergi almaga gelýän raýatlarymyzyň sanynyň has-da artmagyna getirdi. Şypahana ýylyň ähli paslynda ildeşlerimiziň we daşary ýurt raýatlarynyň dynç almagy we saglyklaryny dikeltmekleri üçin öz hyzmatlaryny hödürleýär.
Akmyrat BEGENJOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler