Türkmenistanda birbada iri saglygy goraýyş desgalarynyň 3-siniň düýbi tutuldy

Şu gün — 15-nji martda paýtagtymyz Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze guruljak iri saglygy goraýyş desgalarynyň 3-siniň ýagny Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara  pediatriýa merkeziniň, şeýle hem Stomatologiýa merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Bu iri desgalaryň gurluşygyny Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalar topary alyp barar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen 14-nji martda geçirilen duşuşygynda nygtaldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok