Sanly geljege tarap

Döwür ösýär, döwran täzelenýär. Asyr aýlanyp, ýyl çalyşýar. Bu özgerişler adam aňyna, ýaşaýyş-durmuşyna hem öz oňaýly täsirini ýetirýär. Netijede, jemgyýet hem täzeçe galkynyşa eýe bolýar. Bu aýdylanlar biziň ýurdumyz babatda hem hut şeýle. Bolup geçýän her bir özgertmäniň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň güllemegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollaryndan nusga almak öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.

Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň möçberli döwlet syýasaty netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmekde, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmakda işler yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil hem-de ýokary derejede bilim almaklaryny doly derejede üpjün edýär. Bilim we ylym ulgamlarynyň sazlaşykly ösmeginde ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyk derejede düýpli bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň döwrebap maglumat tehnologiýalaryny öz hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän kanunlaryň kabul edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, olarda täze ugurlaryň girizilmegi, täze, ýokary hilli okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy we çap edilmegi, bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bu babatda ädilen beýik ädimler boldy.

Gapur DURDYÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok