Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller aýratyn alada bilen gurşalýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin bilim ulgamynyň işgärleri önjeýli zähmet çekýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy has-da kämilleşdirildi. Aýratyn-da, bu babatda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, şeýle-de «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda hem sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär, täze hünärler girizilýär, hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýetine aýratyn üns berilýär, döwrebap okuw meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar. Döwletimizde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, şeýle hem okatmagyň hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze orta we ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar. Bu bolsa sanly bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.
Halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şemşat BAÝLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.
Teswirler