Hurmanyň peýdasy

Oraza saçaklarynyň bezegi bolan hurmanyň peýdasy çäksizdir. Näme üçin Orazada hurma iýilýär? Hurmanyň nähili peýdasy bar? Geliň, bulary öwreneliň!

Alymlaryň geçiren gözlegleri hurmanyň ýürek we aşgazan keselleri üçin peýdalydygyny ýüze çykardy. Orazada hurma iýilmeginiň sebäbi bolsa, onuň düzüminde adam saglygy üçin köp witaminleriň we minerallaryň bolmagydyr. Hurma adamy dok saklaýar. Süýjüligine garamazdan hiç hili suw talap etdirmeýär.

Hurma beloklara we uglewodlara juda baýdyr. Şeýle hem belok we uglewodlary göterýän ýeke-täk miwe hökmünde bellidir. Bu bolsa iýmitlenmek meselesinde adamlaryň birnäçe zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Düzüminde bar bolan B1 we B2 witaminleri bagry güýçlendirýär. Ýadawlygy aradan aýyrýar.

Saglyk taýdan ýokumly maddalary, witaminleri özünde jemleýän hurma möhüm antioksidant çeşmesidir. Bulardan başga-da hurmanyň düzüminde ftorid, ftor ýaly elementleriň bolmagy dişiň çüýremeginiň öňüni alýar we immunitet ulgamyny güýçlendirýär. Düwnük keseliniň döremek howpuny azaldýan hurma, saglyk taýdan bejerişiň baý çeşmesidir.

Hurma, esasanam damar dykylmagynyň öňüni alýar we ýürek saglygyny goraýar. Wena damarlaryndaky böwetlerden döreýän ýürek kesellerine ýol bermeýär we ýüregiň sagdyn işlemegine goşant goşýar. Ýady güýçlendirýär! Hurmanyň iň möhüm peýdalarynyň biri, şübhesiz, beýnä we huşa berýän çynlakaý goldawdyr. Hurma A witaminiň bir görnüşi bolan 15,6 mg β-karotini öz içine alýar we iýlende içegelerde retina öwrülýär. Soňky gözlegleriň köpüsi β-karotini yzygiderli sarp etmegiň ýadyň ýitmeginiň öňüni alyş peýdalarynyň bardygyny ýüze çykardy. Bulardan başga-da, beýniniň öýjüklerine we garrylyk bilen baglanyşykly beýleki kesellerden dynmak howpuny azaldýar.

Tawus BAZAROWA,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok