Alymlar köpelmäge ukyply robot görnüşini ýasadylar

Soňky ýyllarda her ugurda diýen ýaly ulanylýan robot tehnologiýalary, esasanam saglyk pudagynda uly öňegidişlik gazandyrýar. Tufts uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Wermont uniwersitetiniň biologlary we kompýuter alymlary öz-özüni köpeltmek arkaly köpelip bilýän ilkinji janly robotlary öndürendiklerini habar berdiler. Gurbaga öýjüklerinden ýasalan we “Xenobots 3.0” diýlip atlandyrylýan millimetr organizmleriň adam öýjükleriniň işine gözegçilik edip biljekdigi mälim edildi.

Alymlar öz-özüni köpeltmek arkaly köpelip bilýän ilkinji bio-robotlaryň trawmatiki şikeslerde, dogluşdan kemli, rak, garrylyk we başgada birnäçe hassalygy bejermek üçin uly mümkinçilik döredip biljekdigini aýdýarlar.

Wermont uniwersitetiniň kompýuter alymy we robotika boýunça hünärmen Joshua Bongard: “Öň ýöreýän we suwda ýüzüp bilýän Xenobot-lary ýasamagy başarypdyk. Bu gezekki açyşymyzda bolsa öz-özüni köpeldýän Xenobot-lary öndürdik. Bu örän wajyp açyş” diýip, belläp geçdi.

Tufts uniwersitetinden Michael Levin bolsa: “Ösen tehnologiýamyzyň kömegi bilen adam öýjüklerine näme etmelidigini aýdyp bileris. Bedendäki soňky döremeler, öýjük şikesleri we başgada birnäçe meselelerde Xenobot-lar bize näme etmelidigini aýdarlar” diýip belläp geçdi.

Ýazmyrat ARRYKOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok