Geçen ýyl 2025-nji ýyla çenli söwda howa gatnawyna başlamak üçin öz ýol kartasyny yglan eden Günorta Koreýa bu mesele boýunça täze maglumatlary paýlaşdy. Uçýan awtoulaglaryň 2025-nji ýyla çenli esasy howa menzilleri bilen Seul şäher merkeziniň arasynda uçýan taksileriň hyzmat etjekdigi mälim edildi. Bu barada ýurduň Transport ministrligi habar berdi.
Günorta Koreýanyň Transport ministrligi, bu hyzmatyň syýahat wagtyny üçden bire çenli gysgaltjakdygyny aýtdy. 30-50 kilometre çenli aralyk, awtoulagda 1 sagatda, howa bilen 20 minutda baryp bolýar.
Häzirki wagtda paýtagt Seulyň Gimpo howa menzilinde uçýan taksi awtoulaglar synag uçuşyny amala aşyrýarlar. Muňa gözegçiligi ýola goýmak we synag üçin Germaniýanyň Volocopter kompaniýasy ýardam berýär. Häzirki wagtda uçýan awtoulaglaryň diňe iki orunlyk “Volocopter 2X” modeli synag edilýär.
Allanazar ALLANAZAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler