2021-nji ýylyň 9-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon Mak Gregory kabul etdi. Ýatlap geçsek, Ilçi täze wezipesine 1-nji iýunda girişip, 2-nji iýunda bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredowa ynanç hatyny gowşurypdy.
Jon Mak Gregor sözüniň başynda ÝHHG-niň sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan, oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ilçiniň arasyndaky söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Sebit we dünýä ösüşiniň bar bolan kuwwatyndan, ileri tutulýan wezipelerinden ugur almak bilen, sanly ykdysadyýet, durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy, ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini rejeli ulanmak, Aral bilen baglanyşykly meseleler özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar.
Duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz we Ilçi Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda geljekde amala aşyryljak taslamalar dogrusynda gürrüň edildi.
Selim REJEPGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby
Teswirler