Bilim adamyň durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Ol adamda gowy gylyk-häsiýetleri kemala getirýär. Adamyň içki dünýäsini suratlandyryp, ruhunyň baýlygyny, kalbynyň päkligini alamatlandyrýar. Bilim almaklyk adam hukuklarynyň biri bolup durýar. Çünki raýatlaryň kämil bilimli bolmagy ilkinji nobatda döwlet jogapkärçiligine degişlidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy, parahatçylygy we ösüşi ösdürmekde bilimiň ähmiýetini ykrar etmek üçin 24-nji ýanwary – “Halkara bilimler gününi” yglan etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 3-nji dekabryndaky karary bilen bu gün wajyp baýramçylyk hökmünde halkara derejesinde bellenilip başlanýar we häzirki wagta çenli dowam edýär.
Munuň bilen baglanyşykly, 1948-nji ýylda kabul edilen Adam hukuklary ählumumy jarnamasynyň 26-njy maddasynda “Her bir adamyň bilime hukugy bar. Bilim juda bolmanda başlangyç we umumy bilim babatda mugt bolmaly. Başlangyç bilim hökmany bolmaly. Tehniki we hünärmen bilimi umumylykda elýeter bolmaly we ýokary bilim her bir adamyň ukyplary esasynda hemmeler üçin elýeter bolmaly” diýlip kesgitlenilýär. Muňa esaslanyp, her bir şahsy adamyň islän hünärini saýlap alyp, bu ugurda bilim almaga we kämilleşmäge doly hukugy bardyr.
Ýyl-ýyldan döwrüň bilime bolan talabynyň artmagy netijesinde, ylymda-bilimde täze özgerişleriň peýda bolmagyna itergi berdi. Tüm garaňkylykdan ýagtylyga ýol ýasaýan bilimiň ösmegi adamlaryň, döwletleriň arasynda diplomatiýanyň döremegine, medeniýetleriň kämilleşmegine, dünýäde parahatçylygyň has-da berkemegine, jebisligiň höküm sürmegine ýardam berdi.
Her ýylda Halkara bilimler gününiň giňden bellenilmegi, bilimiň adamzadyň täzelenip bilýän çeşmesi hökmünde döredilmegine kömek edýär. Bu gün, bilimiň esasy hukuklaryň we jemgyýetçilik bähbidiniň biri hökmünde tassyklamagyny maksat edinýär. Şeýle hem, bu baýram, yzygiderli bilim almaklyk adamlaryň güýçlenmegine, ýer togalagynyň goralmagyna we umumy abadançylyga we parahatçylyga goşant goşýan köp usullaryny görkezmekde esasy ýol görkeziji bolup hyzmat edýändir.
.
Gurbanmyrat AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň talyby.
Teswirler