Ýeňijilere söz berilýär: Ogulgerek Maksadowa

“Nesil” gazeti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigiň ýeňijileri bilen söhbetdeşlikleri ýetirmäge dowam edýär.

Söhbetdeşlik sahypasyny taýýarlan “Nesil” gazetiniň habarçysy Dawut ASGAROW bu gezek Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Ogulgerek Maksadowa bilen gürrüňdeş boldy.

— Men 6 ýaşymdan bäri aýdym aýdýaryn. Aýdymçy bolmak esasy arzuwym. Şu ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Älemgoşar» bäsleşiginde ýeňiji boldum. Bu gün bolsa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldum. Şeýle ýeňişler kalbymda gaýtalanmajak duýgulary oýarýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen amala aşdy. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde «Alkyş Size, Arkadag!» atly aýdymy ýerine ýetirdim. Gahryman Arkadagymyz biz — ýaşlara uly ynam bildirýär, biziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalary durmuşa geçirýär. Bu aýdym meniň şeýle ajaýyp döwre, döredilýän şertlere ýürek buýsanjymyň beýanydyr.

Çeşmeler:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/6547
https://metbugat.gov.tm/newspaper?id=4209

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok