Merkezi Aziýanyň şäherleri durnuklylyk we seýsmiki howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

19–20-nji oktýabrda Daşkent şäherinde Şäherleriň durnuklylygy boýunça ikinji sebit dialogy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de degişli ugurlaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşykda şäherleriň howpsuz ösüşini üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak we möhüm infrastruktura desgalarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň esasy netijeleriniň biri Merkezi Aziýanyň şäherleriniň durnuklylygy boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boldy. 2025-nji ýylda Aşgabat, Petropawl, Oş, Duşanbe we Namangan şäherleriniň başlangyjy bilen döredilen platformanyň gatnaşyjylarynyň sany bäşden ona ýetirildi. Hyzmatdaşlyga Bişkek, Fergana we Kokand şäherleri ýaly täze şäherleriň hem goşulmagy bilen bileleşigiň gerimi giňeldi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), Ýaponiýanyň Hökümetiniň we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça GIZ guramasynyň goldaw bermeginde hereket edýän bu platforma şäherleriň we sebit merkezleriniň arasynda tejribe alyşmaga, Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň ýörelgelerini ornaşdyrmaga hem-de şäherleri meýilleşdirmekde ekologik we howa şertlerini göz öňünde tutmaga ýardam berýär.

Duşuşygyň çäklerinde gazanylan ýene bir möhüm ylalaşyk sebitiň ýurtlarynyň milli seýsmologiýa institutlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň kabul edilmegi boldy. Resminama ylmy maglumatlary dessin alyşmak, seýsmiki işjeňlige bilelikde baha bermek we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça hereketleri utgaşdyrmak üçin esas döredýär.

Sebit dialogynyň netijeleri Merkezi Aziýanyň şäherleriniň howanyň üýtgemegi we seýsmiki howplar bilen bagly töwekgelçiliklere taýýarlygyny güýçlendirmekde, şeýle hem şäher infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetini görkezýär.


Döwran ŞARIPOW,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň
17-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok