Duşenbede türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: türkmen-täjik dostlugynyň we çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä maslahat Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkezi tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň, ylym-bilim we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, diplomatik korpusyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ösdüriljek ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerine üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylar iki halkyň arasyndaky köp asyrlyk dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm binýadydygyny bellediler. Şeýle-de yzygiderli geçirilýän dürli derejedäki duşuşyklaryň we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryň özara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan kitap we fotosurat sergisi hem guraldy. Kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň taryhyna, milli medeniýetine we häzirki zaman ösüşlerine bagyşlanan neşirler görkezildi.

Serginiň aýratyn bölümini türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahal-teke bedewlerine bagyşlanan fotosuratlar düzdi. Suratlarda türkmen bedewleriniň gözelligi we milli atşynaslyk medeniýetindäki orny şöhlelendirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäklerindäki serginiň geçirilmegi türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, iki ýurduň ylmy, medeni we jemgyýetçilik ugurlaryndaky gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hem özboluşly meýdança boldy.

Hydyrguly Amanow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok