Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary Kazan şäherinde geçirilen «Kazanyň sport lukmanlarynyň kluby» atly V halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar. Bu giň gerimli forumyň dowamynda türkmen hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen sport lukmançylygy ugrunda toplan tejribelerini we häzirki zaman bilimlerini paýlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Maslahat Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetinde geçirilip, oňa degişli lukmançylyk ýokary okuw mekdepleri hem-de Halkara fizioterapewtler we reabilitologlar federasiýasy tarapyndan goldaw berildi.
Iki gün dowam eden çärede öňdebaryjy lukmanlar, alymlar we tälimçiler sport lukmançylygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sport şikesleriniň irki anyklanylmagy, bejeriş usullary, sagaldyş çäreleri hem-de türgenleriň saglygyny uzak möhletleýin gorap saklamak ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Ylmy maksatnama plenar mejlisleri, tegelek stollary we bilermenleriň gatnaşmagyndaky amaly ussatlyk sapaklaryny öz içine aldy. Wekiller iň täze barlanylan usulyýetler bilen tanyşdylar, dünýä tejribesindäki çylşyrymly kliniki ýagdaýlary seljerdiler we geljekki halkara ylmy-bilim hyzmatdaşlygy üçin berk gatnaşyklary ýola goýdular.
Teswirler