Aýdym-saz konserti geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly atmyradyň mekany” ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 5-nji ýyl talyplaryň öz alan bilimlerini, hünärini görkezmek maksady bilen birnäçe konsertler geçirilýär. Ýakynda şeýle konsertleriň biri “Saz mugallymy” hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň gurnamagynda ajaýyp aýdym-sazly konsert geçirildi. Bu aýdym-sazly agşam diňe bir sungat dabarasy bolman, eýsem, dürli halklaryň saz medeniýetiniň özara sazlaşygyny we dostlukly gatnaşyklaryny aýdym-saz dili bilen dabaralandyrýan ylmy-medeni çärä öwrüldi. Konsertde türkmen we daşary ýurt eserleri ýerine ýetirildi.

Bu aýdym-sazly konsertiň başynda “Saz mugallymy” hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde R. Nepesowyň “Türkmen ýaşlary” eseri ýaňlandy.

Konsertde “Saz mugallymy” hünäriniň 5-nji ýyl talyplary A. Saparowa, J. Ýagşyýewa, A. Garagyrowa, M. Amanmuhammedowa, N. Çaryýew, A. Muhammetgulyýew, M. Kuliýewa, Ý. Muhammedow, H. Esenmyradow, H. Tuwakowa eserleri ajaýyp owazlary bilen ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen eserlerden Ç. Nurymowyň “Türkmenistan Baharystan”, “Hoşlaşyk”, “Çapyksuwaryň aýdymy”, W. Abaýewanyň “Jazekspromt”, Ý. Doganyň “Wals”, I. Dunaýewskiýiň “Весна идет” eserleri konsertiň täsirliligini has-da artdyrdy. Türkmen halk aýdymlaryna hem giň orun berildi. “Agladym”, “Aýnam”, “Gürjiniň” ýaly halk aýdymlar ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Şeýle hem “Görogly” şadessanyndan Bezirgeniň şahasyndan bir parça, “Aýdym-saz çemeni” dabaranyň bezegine öwrüldi.

Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen eserlere M. Öwlýagulyýewa, B. Najapow, Ý. Ýazgylyjow, Ý. Mekanow, Ý. Melnik sazandarlyk etdiler. D. Ökdirowyň şahyr A. Hojaniýazowyň sözlerine döreden “Gahryman siz Arkadag” atly eseri konsertiň jemleýji eseri boldy. Bu eseri “Saz mugallymy” hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň ählisi bilelikde joşgunly ýerine ýetirdiler. Konsert diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.

Gülnar SEÝIDOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok