Türkmenistan – BMG: parahatçylygyň we döredijiligiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň daşary syýasatynda bitaraplyk ýörelgesi möhüm orun eýeleýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan Türkmenistan hemişelik bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. Bu taryhy waka diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem bütin dünýäniň parahatçylykly ösüşine goşant goşdy. Türkmenistan özüniň bitaraplyk derejesiniň esasynda halkara gatnaşyklarda deňagramlylygy saklamagy, hiç bir konflikte goşulmazlygy, parahatçylykly gepleşikleri öňe sürmegi maksat edinýär.

Bitarlaplyk syýasaty Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrdy. Dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklarynda Türkmenistan diňe bir syýasy taýdan däl, ykdysady we medeni taýdan hem giň mümkinçilikleri döretdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe rezolýusiýasynda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty dünýä parahatçylygyny üpjün etmegiň möhüm serişdesi hökmünde görkezilýär.

30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam edýär. Parahatçylykly ýaşaşmagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişliginde hemişe konstruktiw hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini dowam etdirer. Bu ugurda ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, halkara düzümleri, institutlary we BMG-niň  edaralaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bitaraplygyň dostlary toparynyň mümkinçiliklerini  parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna mundan beýläk-de ulanyljakdygyny bellemek wajypdyr.

Bägül SAPARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok