Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär. 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministri Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi we “Petronas Çarigali (Türkmenistan)” kompaniýasynyň hem-de onuň bilim edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda esasy üns nebit-gaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. Şeýle hem tehniki orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň Petronas bilen bagly bilim hem-de ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Petronas kompaniýasynyň wekilleri özleriniň diňe tebigy baýlyklary özleşdirmek bilen çäklenmän, hyzmatdaş ýurtlarynda adam maýasyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berýändigini bellediler. Bu ugurda tejribe alyşmak we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek esasy maksat hökmünde görkezildi. Şeýle hem kompaniýanyň dürli okuw maksatnamalary, şol sanda hünär taýýarlygy we gysga möhletli okuwlary barada maglumat berildi.

Duşuşykda Petronas Tehnologiýa uniwersiteti, nebit tehnologiýa instituty, “Alam” deňiz akademiýasy hem-de birnäçe bilim we ösüş merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda Petronas tarapyndan berilýän talyp haklarynyň esasynda türkmen ýaşlary daşary ýurtlarda bilim alýarlar. Şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary her ýyl bilimlerini ýokarlandyrmak üçin Petronas Tehnologiýa uniwersitetine iberilýär.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekilmegi bilim hyzmatdaşlygynyň ösüşini has-da tizleşdirdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok