Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy jemgyýetimiziň ösüşiniň we döwletimiziň halkara abraýynyň iň esasyny düzýän ulgama öwrüldi. Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň we tehnologiýanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, bilimiň hiline we mazmunyna goýulýan talaplary täze derejä göterdi. Türkmenistanda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy diňe bir täze binalaryň gurulmagy bilen çäklenmän, eýsem okatmagyň usulyýetiniň sanlylaşdyrylmagy we halkara standartlaryna laýyk getirilmegi bilen hem häsiýetlendirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, bilim ojaklarynda ýokary tizlikli internet ulgamynyň, elektron resminama dolanşygynyň we aralykdan okatmak usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berdi. Sanly tehnologiýalaryň ylym-bilim işine utgaşdyrylmagy, okuwçylaryň we talyplaryň dünýäniň iň täze ylmy maglumatlaryna elýeterliligini üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde ýaş nesliň bäsleşige ukyply, giň dünýägaraýyşly we innowasion pikirlenýän hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär.
Ylym ulgamyndaky ösüşler hem döwletimiziň ykdysady özbaşdaklygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezlerinde geçirilýän barlaglar halk hojalygynyň dürli pudaklaryna, aýratyn-da energetika, oba hojalygy, ekologiýa we medisina ýaly ugurlara gönükdirilendir. Ylmyň önümçilik bilen berk baglanyşygy, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmaga we ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmäge täze itergi berýär.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýaşlaryň zehinini we döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak üçin giň meýdança döredýär. Halkara ders bäsleşiklerinde, ylmy taslama ýaryşlarynda türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri ýurdumyzda bilim syýasatynyň dogry ýola goýlandygynyň subutnamasydyr. Biz ýaşlaryň öňünde şeýle giň ýollary açýan, ylymly-bilimli kämil nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys!
Gülnur KAKYŞOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler