Bilim ulgamyndaky ösüşler we ýetilen sepgitler

Bilim jemgyýetiň ösüşini kesgitleýän esasy ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde Türkmenistanda ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, täze okuw binalary, mekdepler we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Okuw otaglarynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi okuwçylaryň we talyplaryň nazary bilimleri tejribe bilen utgaşdyryp öwrenmegine şert döredýär.

Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşynyň giňelmegi hem möhüm sepgitleriň biridir. Elektron maglumat çeşmeleri, sanly okuw serişdeleri we döwrebap tehnologiýalar bilim almagyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Bu ugurda ýaşlaryň maglumat tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasyny ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işleriniň ösdürilmegi, talyplaryň halkara ders bäsleşiklerine, ylmy-amaly maslahatlara we dürli intellektual ýaryşlara gatnaşmagy olaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Bilim ulgamynyň ösüşinde mugallymlaryň orny aýratyn möhümdir. Häzirki zaman biliminiň talaplaryna laýyklykda pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, täze okuw usullaryny özleşdirmek we döredijilikli işlemekleri üçin mümkinçilikleriň döredilmegi okuw-terbiýeçilik işleriniň hiline oňyn täsir edýär.

Şeýle ösüşleriň esasy maksady diňe bir bilimli ýaşlary däl, eýsem öz hünärine ussat, döredijilikli pikirlenýän, täze tehnologiýalardan baş çykarýan we jemgyýetiň ösüşine mynasyp goşant goşup biljek hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.


Rahataý SULTANOWA,

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok