Garaşsyzlyk — ylym-bilimiň we ösüşiň berk binýady

Garaşsyzlyk — halkyň öz ykbalyny öz eli bilen kesgitlemäge, milli döwletliligini berkitmäge we geljegini gurmaga mümkinçilik berýän beýik gymmatlykdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň gazanylmagy halkymyzyň taryhynda täze eýýamyň başlangyjy boldy. Bu mukaddes baýramçylyk her bir türkmen raýatynyň kalbynda buýsanç we watansöýüjilik duýgularyny döredýär.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Täze okuw mekdepleriniň gurulmagy, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy, sanly tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagy ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna giň mümkinçilik döredýär. Häzirki zaman okuwçysy we talyby diňe bir kitapdan bilim almak bilen çäklenmän, eýsem elektron çeşmelerden, sanly okuw platformalaryndan we täze tehnologiýalardan peýdalanyp, öz bilimini yzygiderli kämilleşdirýär.

Garaşsyz döwlet öz ylmy kuwwatyny ösdürmek arkaly täze tehnologiýalary özleşdirýär, önümçiligi döwrebaplaşdyrýar we jemgyýetiň durmuşynda innowasiýalaryň ornuny giňeldýär. Şonuň üçin ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmak, olaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek we ylmy gözleglere çekmek geljegiň möhüm wezipeleriniň biridir.

Esasan-da, ýaş nesliň bilimli bolmagy ýurduň geljegi bilen berk baglanyşyklydyr. Bilimli ýaşlar täze pikirleri öňe sürüp, ylmy-barlag işlerine gatnaşyp, sanly ykdysadyýetiň, lukmançylygyň, oba hojalygynyň, energetikanyň we beýleki pudaklaryň ösmegine goşant goşup bilerler.

Garaşsyzlyk bize milli mirasymyzy öwrenmäge we ony dünýä ylmy bilen utgaşdyrmaga hem giň ýol açýar. Türkmen halkynyň baý taryhy, medeniýeti, dili, edebiýaty we däp-dessurlary ýaş nesliň terbiýesinde möhüm çeşmedir. Milli gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmek bilen bir hatarda, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek hem jemgyýetimiziň ruhy we intellektual ösüşine hyzmat edýär.

Garaşsyzlyk — bu diňe bir döwletimiziň erkinligi däl, eýsem ylymly, bilimli we döredijilikli nesilleriň geljegidir.


Aýjahan HALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň
Döwlet dolandyryşy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok