«Bedew batly, gül-gülüstan Garaşsyz Türkmenistan» bäsleşiginiň goşgy ugry boýunça ýeňijileri sylaglandy

Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy bilen “Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde yglan eden “Bedew batly, gül-gülüstan Garaşsyz Türkmenistan” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady edebiýata we sungata höwes bildirýän raýatlaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak, milli gymmatlyklary we Watana bolan söýgini çeper eserleriň üsti bilen wasp etmekden ybarat boldy.

Bäsleşigiň goşgy ugry boýunça ýeňijileri hem kesgitlenildi. Baş baýraga “Türkmenistan” gazetiniň bölüm müdiri Akmyrat Hojanyýaz “Bedew batly döwrüň ýalkymy” atly eseri bilen mynasyp boldy.

I orny “Edebiýat we sungat” gazetiniň işgäri Goçmyrat Orazberdiýew “Çüw, atym!” we “Göroglynyň Gyraty ýüzlenişi” atly eserleri bilen eýeledi.

II orun “Türkmenistan” gazetiniň Mary welaýatyndaky öz habarçysy Muhammetberdi Annageldiýewe “Türkmeniň şany” atly eseri, şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Setdar Abdyýewe “Bedew batly Diýarym”, “Biziň ilde…” atly eserleri üçin berildi.

III orna bolsa Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy Jänegül Gurbanowa “Galkynyşda ganatlanan bedewler”, “Asman atlar kişňände” atly eserleri, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Maksatmyrat Çaryýew “Biziň illeriň bedewi”, “Uçar ganatym” atly eserleri hem-de “Biznes reklama” gazetiniň habarçysy Mätgurban Mätgurbanow “Behişti bedew” atly eseri bilen mynasyp boldular.

Dabaranyň dowamynda bäsleşikde tapawutlanan gatnaşyjylara degişli sylaglar gowşuryldy. Çärede döredijilik bäsleşiginiň milli gymmatlyklary, Watana bolan söýgini, türkmen halkynyň gadymy mirasyny we tebigata aýawly garaýşy çeper döredijilik arkaly wagyz edildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok