Ýol hereketiniň howpsuzlygy – her birimiziň umumy jogapkärçiligimiz

Ýoluň howpsuzlygy gündelik durmuşymyzda ýönekeý düzgünleriň berjaý edilmeginden başlanýar. Şonuň üçin ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk diňe bir wagyz-nesihat çäreleriniň toplumyndan ybarat bolman, eýsem jemgyýetde ýol medeniýetini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyç hökmünde çykyş edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli geçirilýän bu biraýlyk ilatyň ýol hereketiniň kadalaryna bolan jogapkärçilikli garaýşyny berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň öz borjuny duýmagy bolsa howpsuz gurşawy döretmegiň esasy şertleriniň biridir.

Biraýlygyň dowamynda ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda dürli maksatly çäreler geçirilýär. Edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde, şol sanda çagalar baglarynda ýol hereketiniň düzgünleri bilen bagly düşündiriş işleri, terbiýeçilik çäreleri, bäsleşikler we wagyz-nesihat duşuşyklary guralýar. Şeýle çäreleriň üsti bilen ýol düzgünleriniň diňe bir uly ýaşlylar üçin däl, eýsem çagalar üçin hem gündelik endige öwrülmeginiň möhümdigi düşündirilýär.

Esasan-da, ýaş nesli ýol hereketiniň medeniýetine ir ýaşdan taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýedir. Çagalar baglarynda geçirilýän dürli öwrediji çäreler çagalaryň köçede özlerini nähili alyp barmalydygy, ýol belgilerine üns bermegiň zerurdygy, pyýadalaryň düzgünleri ýaly düşünjeleri ýeňil we düşnükli görnüşde özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň ýaly terbiýe işleri geljekde has jogapkärli ýol hereketine gatnaşyjylaryň kemala gelmegine ýardam edýär.

Biraýlygyň çäklerinde geçirilýän bäsleşikler hem bu işi has täsirli görnüşde dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Çünki düzgünleri diňe okap ýa-da diňläp öwrenmek bilen çäklenmän, olary gündelik durmuşda dogry ulanyp bilmek hem zerurdyr. Şol sebäpli düşündiriş çäreleriniň oýunlar, bäsleşikler we beýleki döredijilik başlangyçlary bilen utgaşmagy ýaşlaryň ünsüni meselä has köp çekýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy diňe polisiýa gullugynyň ýa-da degişli edaralaryň wezipesi däl. Ol sürüjiniň hem, pyýadanyň hem, ene-atanyň hem, mugallymyň hem umumy jogapkärçiligidir. Bir tarapdan bellenen düzgünleriň berjaý edilmegi, beýleki tarapdan bolsa özara hormat we ünsli gatnaşyk ýolda howpsuzlygy üpjün edýän möhüm ýörelgeleriň biridir.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol düzgünlerine bir aýyň dowamynda däl-de, ýylyň ähli günlerinde berjaý edilmeli möhüm durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini ýene bir gezek ýatladýar. Çünki ýoldaky her bir seresap ädim, her bir dogry hereket adam ömrüniň howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýär.

Orazgözel Mämmedowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok