Daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almaga taýýarlanýan ýaşlar üçin zerur bolan güwänamany resmileşdirmegiň tertibi barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu ugurda ýüz tutýan raýatlar üçin gerekli resminamalar we kabul ediş wagty barada maglumat berdi.
Güwänama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky №202 buýrugynyň 1-nji goşundysyna laýyklykda berilýär. Resminama raýatyň bellenen tertipde daşary ýurtda okuwyny dowam etdirýän ýa-da okuwa täze başlaýan talyp hökmünde hasaba alnandygyny tassyklaýar.
Hasaba alyş işleri raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça etrap bilim bölümlerinde geçirilýär. Aşgabat şäherinde ýaşaýanlar bolsa Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine ýüz tutup bilerler.
Müdirligiň salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148-nji jaý. Habarlaşmak üçin 39-35-01 we 39-37-79 telefon belgileri, şeýle hem ashgabatmekdep@sanly.tm elektron poçta salgysy görkezilýär. Bu maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi çeşmesinde hem ýerleşdirildi.
Resminamalary tabşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky №245 buýrugynyň 2-nji goşundysy bilen kesgitlenýär. Güwänamany almak üçin birnäçe resminamanyň nusgasy talap edilýär.
Olaryň hataryna: milli we daşary ýurt pasportlarynyň nusgalary, daşary ýurda ilkinji gezek gidýänler üçin okuw jaýynyň çakylygy hem-de okuw baradaky kepillik hatynyň türkmen diline terjime edilen nusgalary, wizanyň nusgasy, harby şahadatnama ýa-da harby hasaba alnandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasy girýär. Şeýle hem bellenen görnüşdäki sowalnama, orta bilim baradaky şahadatnamanyň nusgasy we 6×9 ölçegdäki bir sany reňkli fotosurat zerur.
Bilim ministrliginiň bellemegine görä, resminamalar iş günlerinde sagat 14:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Şunda resminamalaryň nusgalarynyň we möhür yzlarynyň aýdyň bolmagyna, sowalnamanyň bolsa ýalňyşsyz we arassa doldurylmagyna üns bermek zerurdyr. Resminamalar şahsy ýagdaýda tabşyrylýar.
Daşary ýurtda bilim almagy meýilleşdirýän ýaşlar üçin resminamalary öňünden taýýarlamak we bellenen talaplary doly berjaý etmek resmileşdiriş işleriniň yzygiderli geçirilmegi üçin möhümdir. Güwänamany almak bilen bagly has giňişleýin maglumatlary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýtyndan öwrenmek mümkin.
Teswirler