2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde birnäçe möhüm halkara çäreler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýeti bu sessiýasynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
BMG-niň Medeniýetleriň bileleşigi (UNAOC) boýunça Dostlar toparynyň mejlisinde türkmen tarapy öňüni alyş diplomatiýasynyň, hemişelik Bitaraplygyň we medeniýetara dialogyň berk baglanyşygyny nygtady. Çykyşda Aşgabatdaky Sebit merkeziniň işi, täze tassyklanan «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy şeýle hem 2028-nji ýylyň Halkara hukugynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Pandemiýalaryň öňüni almak boýunça geçirilen mejlisde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda öňe sürlen global saglygy goraýyş başlangyçlaryny beýan etdi. Şol sanda koronawirusyň genomyny öwrenmek, öýken sowuklamasyna garşy mehanizm döretmek we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygynda ýiti ýokanç keselleriň bejergisi we öňüni alyş usullary boýunça metodiki merkezi döretmek baradaky teklipler öňe sürüldi. BSGG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny, epidemiologik gözegçiligi, barlaghana kuwwatyny pugtalandyrýandygy we «Ýeke-täk saglyk» çemeleşmesini ilerledýändigi bellenildi.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň resmi däl mejlisinde bolsa sebit hyzmatdaşlygyny amaly taýdan baýlaşdyrmak, ulag-üstaşyr, söwda we energetika baglanyşyklaryny giňeltmek hem-de BMG-niň Durnukly ulag boýunça 2026–2035-nji ýyllar üçin onýyllygynyň ähmiýeti nygtaldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) mejlisinde çykyş edip, bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek, Awaza maksatnamasyny amala aşyrmak we söwdany sanlylaşdyrmak barada durup geçdi. Şeýle hem Mary şäheriniň 2028-nji ýylda YHG-niň Syýahatçylyk paýtagty derejesine hödürlenýändigi bellenildi.
Bägül Durdyýewa,
Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby
Teswirler