Gahryman Arkadagymyz täze okuw ýylynda ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi

Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagyny geçdi. Oňa ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlar, talyplar, mekdep okuwçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy iki bölümden ybarat boldy, birinji bölümde ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasaty barada, ikinji bölüminde bolsa ýaş nesliň jemgyýetdäki orny, watançylyk, bilim, milli terbiýe we häzirki döwrüň tehnologiýalary ýaly meseleler esasy ugurlar boldy. Milli Liderimiz ýaşlaryň häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri berkitmelidigini we ýurdumyzyň geljegi üçin giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň daşary syýasatdaky ähmiýetine hem giň orun berdi. Bitaraplygyň parahatçylyk, dialog, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlyk bilen baglanyşygyny belläp geçdi. Şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasy, ynanyşmak dialogy we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna üns çekildi.

Okuw sapagynyň ykdysady bölüminde ulag, energetika we halkara söwda ugurlary boýunça Türkmenistanyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Hazarüsti ulag geçelgeleri we «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» konsepsiýasy barada gürrüň edildi. TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanda 12 müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Ýaşlar bilen bagly bölümde Gahryman Arkadagymyz häzirki tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we emeli aňyň ösýän döwründe bilimli we täzeçe pikirlenýän hünärmenlere zerurlygyň artýandygyny nygtady. Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak maksady bilen «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň üstünde işlemegiň we ýaşlary bu işe işjeň çekmegiň zerurdygy aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň bilim, pikir alyşmak we startap döretmek merkezine öwrülmegi, dürli ugurlarda halkara ylym-bilim ýaşlar klasterleriniň döredilmegi baradaky teklipler öňe sürüldi.

Gahryman Arkadagymyz umumy sapagynda milli taryh we terbiýe meselesine-de aýratyn orun berdi. Ýaşlaryň öz taryhyny, milli köklerini we medeni mirasyny bilmeginiň zerurdygyny aýratyn belläp geçdi. Jeýtun, Änew, Marguş, Altyndepe, Horezm ýaly gadymy medeni merkezler barada gürrüň edildi. Şeýle-de türkmen halkynyň edep-terbiýe gymmatlyklarynyň maşgaladan başlanýandygy, ene-atanyň we mugallymyň bu ugurdaky jogapkärçiliginiň uludygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny aýratyn belledi. Täze okuw ýylynyň başlanmagynyň ýaşlaryň durmuşynda möhüm döwürdigini aýdyp, olaryň okamagy, hünär öwrenmegi we täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy üçin şertleriň döredilýändigi nygtaldy.

Her täze okuw ýylynyň başynda täze bilim edaralarynyň açylýandygy we bilim ýoluna ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara kompýuter sowgatlarynyň berilýändigi hem bellenildi. Şu ýyl Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabatda bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň açylandygy, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň hem ulanmaga berlendigi aýdyldy.

Umumy okuw sapagynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz ýaşlara bilimde, zähmetde we durmuşda üstünlikler arzuw etdi. Sapaga gatnaşan ýaşlar hem häzirki döwürde döredilýän bilim mümkinçilikleriniň ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Şeýlelikde, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda geçirilen Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy ýaşlara bilim almak bilen birlikde watansöýüjilik, milli gymmatlyklara hormat, zähmetsöýerlik we häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmek meselelerine hem üns çekdi.

Allamyrat Gapurow
Ashgabat.in

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok