Dünýäniň köp ýurtlarynda sanly töleg ulgamlarynyň ösüşi soňky ýyllarda has-da çalt depgine eýe boldy. Mobil tölegler, elektron gapjyklar we kontakt däl töleg serişdeleri gündelik durmuşymyzda häzirki wagtda giňden ulanylýar. Bu ýagdaý nagt däl ykdysadyýetiň ösüşine we maliýe hyzmatlarynyň elýeterliliginiň ýokarlanmagyna şert döredýär.
Häzirki wagtda halkara maliýe guramalarynyň maglumatlaryna görä, dünýäde sanly tölegleriň umumy möçberi ýylsaýyn ýokarlanýar. Onlaýn söwdanyň giňelmegi, mobil tehnologiýalaryň ösmegi we bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy bu ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleri bolup durýar.
Sanly töleg ulgamlary diňe bir amatlylyk bermek bilen çäklenmän, eýsem ykdysady gatnaşyklaryň açyklygyny ýokarlandyrýar. Şeýle-de bu ulgamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, kiberhüjümlerden goramak we maglumatlaryň goragyny güýçlendirmek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir.
Soňky ýyllarda kriptowalýutalar we blokçeýn tehnologiýasy bilen baglanyşykly täze töleg çözgütleriniň peýda bolmagy hem maliýe ulgamynda uly özgerişliklere sebäp bolýar. Merkezi banklaryň sanly pullary (CBDC) boýunça alnyp barylýan işler bolsa geljekde maliýe gatnaşyklarynyň has-da sanlylaşmagyna we döwrebaplaşmagyna ýol açýar.
Hekim MAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler