Bütindünýä saglyk güni — ylma daýanýan sagdyn geljege çagyryş

Her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni adam saglygynyň jemgyýetdäki iň möhüm gymmatlyklaryň biridigini ýene-de bir gezek ýatladýar. Bu sene Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan 1948-nji ýylda döredilen gün bilen baglanyşykly bolup, 1950-nji ýyldan bäri dünýä derejesinde giňden bellenilýär.

2026-njy ýylda bu gün “Saglyk üçin bilelikde, ylmy goldaň” (Together for health. Stand with science) diýen şygar astynda geçirilýär.

Häzirki wagtda saglyk meselesi diňe lukmançylyk bilen çäklenmän, eýsem ylmy barlaglar, ekologiýa we halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Howanyň hapalanmagy, global ýylamak, senagat ösüşi we täze tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy adam saglygyna gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin hem ylma esaslanýan çözgütleriň ähmiýeti barha ýokarlanýar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda forumlar, maslahatlar we ylmy duşuşyklar geçirilýär. Bu çäreler diňe bir tejribe alyşmaga däl, eýsem saglygy goramakda ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge hem hyzmat edýär. Şeýle hem jemgyýetiň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilip, ilkinji kömek bermek, ýokanç keselleriň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça giňişleýin maglumatlar paýlaşylýar.

Türkmenistanda hem bu sene giňden bellenilip, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap hassahanalar gurlup, lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar, öňüni alyş çärelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sport bilen meşgullanmagy giňeltmek we ekologik taýdan arassa gurşawy döretmek boýunça dürli çäreler geçirilýär.

2026-njy ýylyň şygary saglygyň diňe bir şahsy mesele däldigini, onuň ylma, hyzmatdaşlyga we jemgyýetçilik jogapkärçiligine daýanýandygyny görkezýär. Her bir adamyň saglygyny goramak üçin ylmy maglumatlara ynanmak we olary gündelik durmuşda ulanmak bolsa sagdyn jemgyýetiň esasy şerti bolup durýar.

Aýgül BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok