2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşykda Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we ýagşy arzuwlaryny ýetirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny seljerdiler we hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenilip geçildi. Şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde özara goldawyň we hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary berkitmekde yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň möhüm ornuny aýratyn bellediler.
Gepleşikleriň netijesinde hyzmatdaşlygy ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklary beýan edildi.
Didarmuhammet MELEJÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler