Türkmenistanly okuwçylar IWISE halkara sergisiniň bütindünýä finalyna gatnaşar

Türkmenistandan bolan 12 sany zehinli okuwçy Dubaý şäherinde geçiriljek IWISE (International World Innovative Student Exhibition) okuwçylaryň halkara innowasion taslamalar sergisiniň bütindünýä finalyna gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik eder. IWISE taslamasy Londonda ýerleşýän gurama tarapyndan gurnalyp, 14–16-njy fewral aralygynda Birleşen Arap Emirlikleri çäginde geçiriler.

Her ýyl geçirilýän bu halkara meýdança dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe ýaş zehinleri birleşdirip, robototehnika, STEAM ugurlary, programmalaşdyrmak hem-de sungat boýunça gazananlaryny görkezmäge mümkinçilik döredýär.

Türkmen okuwçylary 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilen wirtual saýlama tapgyryndaky üstünlikli çykyşlarynyň netijesinde finala gatnaşmaga hukuk gazandylar. Saýlama döwründe topar Robot Maze, Line Follower we Mini Sumo ýaly ýokary tehnologiýaly ugurlarda birnäçe medal gazanyp, ýokary netijeleri görkezdi. Dubaýdaky final ýaşlaryň inženerçilik hem döredijilik başarnyklaryny halkara derejesinde ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik bolar.

Milli toparyň düzümine Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robototehnika gurnagynyň agzalary hem-de paýtagt Aşgabat şäherindäki «Kämil bilim» okuw merkeziniň okuwçylary girýär. Olar halkara finalda Türkmenistanyň abraýyny gorarlar.

Toparyň taýýarlyk işlerine tejribeli mugallymlar — Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen toplumyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew we Aşgabadyň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň mugallymy Halyl Kowusow ýolbaşçylyk edýärler. Türkmen ýaşlarynyň şeýle iri möçberli innowasion foruma gatnaşmagy olaryň ylmy-tehniki döredijilige bolan gyzyklanmasynyň ýokarlanýandygyny hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.

Bahar ORAZDURDYÝEWA,

Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok