Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 2026-njy ýylyň 24–29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen matematika we himiýa boýunça halkara olimpiadalarynda ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.
Türkmen talyplary bäsleşikleriň netijesinde 5 medal gazandylar: bir altyn, iki kümüş we iki bürünç medal. Bu üstünlikler ýurduň bilim ulgamynyň we talyplaryň halkara derejesindäki kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.
Matematika bäsleşiginde Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kerimguly Bendow altyn medala we I derejeli diploma mynasyp boldy. Şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Yslam Haýytmuhammedow kümüş medal we II derejeli diplom gazandy.
Himiýa bäsleşiginde Himiki tehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Azim Bagtyýarow kümüş medal we II derejeli diplom, şol fakultetiň talyby Abdyrahym Batyrow we Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby Jemşit Talibžonow bürünç medallara we III derejeli diplomlara mynasyp boldular.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Buharadaky üstünlikleri, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejesindäki abraýynyň we bilim özgertmeleriniň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Eneşat GYLYÇLYÝEWA,
Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler