Soňky ýyllarda tebigy boýaglara bolan gyzyklanma artýar. Munuň esasy sebäbi olaryň ekologiýa taýdan arassa bolmagy, adam saglygyna zyýansyzlygy we tebigy serişdelerden alynmagydyr. Şeýle tebigy boýaglaryň möhüm çeşmeleriniň biri hem sarygül ösümligidir.
Sarygül (Calendula officinalis) giňden ýaýran dermanlyk we bezeg ösümligi bolup, onuň gülleri boýag öndürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Sarygülden alnan boýaglar köplenç sary, altynsary we açyk mämişi reňkleri berýär. Bu boýaglar dokma senagatynda, el işleri önümlerinde, şeýle hem surat çekmekde ulanylýar.
Sarygülden tebigy boýag almak prosesi birnäçe tapgyrdan ybaratdyr. Ilki bilen ösümligiň gülleri ýygnalýar we guradylýar. Guratmak kölegeli, gurak ýerde amala aşyrylýar, sebäbi gün şöhlesi boýag beriji maddalaryň zaýalanmagyna sebäp bolup biler. Guratylan güller ownuk görnüşde döwülýär we gaýnadylmaga taýýarlanylýar.
Indiki tapgyrda taýýarlanan gül bölekleri suw bilen bilelikde belli bir wagt gaýnadylýar. Bu wagtyň dowamynda gülüň düzümindäki pigment maddalary suwa geçýär. Alnan ergini süzülýär we şeýlelikde tebigy boýag ergini emele gelýär. Boýagyň reňkiniň güýçliligi gaýnatma wagtyna we gülüň mukdaryna baglydyr.
Alnan tebigy boýag, esasan, ýüň, ýüpek we pagta ýaly tebigy süýümleri boýamakda ulanylýar. Reňkiň matada berk saklanmagy üçin köplenç tebigy berkitiji serişdeler (mysal üçin, duz ýa-da sirkeli suw) ulanylýar.
Sarygülden tebigy boýag almak beýleki ösümliklerden boýag almakdan birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ilkinji nobatda, sarygülüň düzümindäki pigmentleriň tebigy taýdan durnukly bolmagy onuň esasy üýtgeşik taraplarynyň biridir. Bu ösümlikden alnan boýaglar uzak wagtlap reňkini ýitirmezden saklap bilýär.
Sarygülden alnan boýaglaryň ýene bir üýtgeşik tarapy — olaryň giň reňk aralygyna eýe bolmagydyr. Bir ösümlikden dürli gaýnatma wagtlaryny, suwunyň möçberini ýa-da berkitiji serişdeleri üýtgetmek arkaly açyk sarydan başlap, goýy mämişi reňke çenli dürli öwüşginleri almak bolýar. Bu aýratynlyk döredijilik işlerinde uly mümkinçilikleri açýar.
Bu boýaglaryň ekologiýa taýdan aýratyn gymmatly tarapy hem bar. Sarygülden alnan boýaglar sintetiki boýaglardan tapawutlylykda zyýanly galyndylary döretmeýär we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýär. Mundan başga-da, sarygül dermanlyk ösümlik bolandygy sebäpli, onuň boýaglary antibakterial häsiýetlere hem eýedir.
Sarygülden tebigy boýag alnyşynyň başga bir tapawutly tarapy onuň elýeterliligidir. Sarygül aňsat ösdürilýär, aýratyn howa şertlerini talap etmeýär we ýerli şertlerde köp mukdarda ösdürilip bilner. Bu ýagdaý ýerli çig maldan peýdalanyp, tebigy boýag önümçiligini ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem sarygülden alnan boýaglaryň dokma önümlerine ýumşak täsir etmegi onuň möhüm aýratynlygydyr. Bu boýaglar matanyň gurluşyny bozmaýar, tersine onuň tebigy görnüşini saklamaga kömek edýär. Bu bolsa el bilen taýýarlanylýan milli önümler üçin aýratyn ähmiýetlidir.
Netijede, sarygülden tebigy boýaglaryň alnyşy diňe bir boýag öndürmek däl, eýsem ekologiýa, saglyk we milli medeniýet bilen bagly üýtgeşik we gymmatly ugurdyr.
Maýsa TAHYROWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw
mekdebiniň umumy himiýa dersiniň mugallymy
Teswirler