Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş sapary bilen bardy. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň esasy ünsi «akylly» şäher konsepsiýasynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine hem-de döwrebap lukmançylyk senagat klasteriniň taslamasynyň durmuşa geçirilişine gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Iş saparynyň çäginde gurluşyk işleriniň tizligini ýokarlandyrmak maksady bilen iş maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birlikde, Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries Ltd.» we «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery», şeýle hem Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.» hem-de «Korea Meditech Co. Ltd.» ýaly iri halkara tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda lukmançylyk senagat klasteriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle-de, halkara güwänamalaryň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi möhüm waka boldy. Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasteriniň öndürýän önümleri hem-de gaýtadan işlemek üçin niýetlenen çig mallary ekologiýa taýdan arassalygy, ýerli çig malyň ýokary hili we ISO halkara standartlaryna laýyk gelýändigi bilen tassyklanyldy.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynda klasteriň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygyna bir ýyl ozal badalga berlendigini ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, täze şäherde senagat ulgamynyň ösüşi üçin üç esasy ugur kesgitlendi. Olar: ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ýerli çig malyň ulanylmagyna esaslanýan çig mal özbaşdaklygy; dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümçilik; şeýle-de, içerki bazaryň doly üpjün edilmeginden soň, önümleriň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagyna gönükdirilen eksport mümkinçilikleridir.
Sözüni jemläp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýerli çig mala daýanýan önümçiligiň halkara standartlara laýyklykda ýola goýulmagynyň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Oguljeren ÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Teswirler