«Startaplar we ekoulgamlar» atly startup bäsleşigi geçirilýär

2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, sagat 16:00-da ýaşlar üçin innowasion pikirleri goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynda «Startaplar we ekoulgamlar» atly startup bäsleşigi geçiriler.

Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda,

Bäsleşik Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda guralyp, ýaşlaryň täze tehnologiýalara, döredijilikli başlangyçlara bolan gyzyklanmasyny ösdürmegi we olaryň startap mümkinçiliklerini açmagy maksat edinýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar we höweslendiriji baýraklar gowşurylar!

Habarlaşmak üçin:
E-poçta: gadam.merkezi@gmail.com
Telefon: +993 64834432

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok