«Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi

Şu gün Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Seminaryň maksady ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryna goldaw bermek, startap taslamalary ösdürmekde hem-de ykdysady ekoulgamlaryň döredilmegine höweslendirmekden ybarat boldy.

Çärede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda hereket edýän “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew çykyş etdi. Ol çykyşynda ýaş telekeçileriň mümkinçilikleri, startaplary ösdürmegiň ähmiýeti we häzirki zaman ykdysadyýetindäki orny barada giňişleýin maglumat berdi.

Seminara gatnaşan ýaşlar we hünärmenler çykyşlardan soň sorag-jogap görnüşinde gyzyklanma bildirip, öz pikirlerini paýlaşdylar. Şeýle çäreler ýaşlaryň telekeçilik ruhuny ösdürmekde hem-de täze başlangyçlara höwes döretmekde uly ähmiýete eýedir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok