Dil bilmek – dünýä akyl ýetirmekdir, üstünlige alyp barýan ýoldur. Könelerimiz “Köp dil bilen köp biler” diýip dogry belläp geçipdirler. Islendik bir adam öz ene dilinden özge döwletiň dilini bilmek bilen, şol döwletiň medeniýetini, sungatyny öwrenip bilýär. Dil bilmek bilen halklaryň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklary ösýär. Sebäbi köp dil bilen adam arkaýyn dünýä ýüzüni gezip, aýlanyp bilýär.
Dünýäde giňden ýaýran dilleriň biri-de iňlis dilidir. Islendik bir döwletde ylym-bilim, hünär öwrenjek, tejribe aljak hünärmenler üçin hökmany suratda iňlis dilini öwrenmegiň, bilmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Iňlis dilini öwrenip bilýän adamyň dünýäniň dürli nokatlarynda işbilermenler bilen gepleşmäge mümkinçiligi bolýar. Iňlis dilini bilmek syýahatçylar üçin has hem peýdaly. Dürli döwletleriň ajaýyp tebigy ýerlerine syýahata gidilende iňlis dilini bilmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Iňlis dilini öwrenmek bilen adamyň kelle beýnisindäki öýjükler oýanýar we herekete gelýär, pikirleniş ukyby ýokarlanýar. Netijede dürli döwletleriň kinofilmlerini we beýleki gepleşiklerini arkaýyn görmek bolýar.
Tutuş dünýä ýüzi boýunça alnanda syýasy, ykdysady, ylym, bilim, sport, syýahat ulgamlaryndan iňlis dili eriş-argaç bolup geçýär. Dünýäniň iň abraýly guramasy hasaplanylýan Birleşen Milletler Guramasynyň hem resmi taýdan hereket edýän dili iňlis dilidir. Sebäbi ähli çykarylýan permanlar, kararlar, kanunlar, ýygyndylar iňlis dilinde çap edilýär.
Iňlis diliniň tutuş ýer ýüzünde esasy ähmiýete eýe bolmagynyň hem öz gysgajyk taryhy bar. Bu taryh öz gözbaşyny XIX asyrdan alyp gaýdýar. XIX asyryň ortalarynda ýer ýüzüniň ähli böleklerinde Beýik Britaniýanyň 30-dan gowrak koloniýalary hereket edipdir. Şol koloniýalaryň ählisinde iňlis dili resmi dil hasaplanypdyr. Eýýäm XX asyra gelip, dünýäde Beýik Britaniýa we ABŞ döwletleriniň roly ýokarlanyp, iňlis diline ýene-de köp üns berlipdir. Şol sebäpli-de halkara gepleşikleriň ählisi iňlis dilinde alnyp barlypdyr.
Iňlis dilini öwrenmek beýleki dilleri öwrenmekden birneme aňsat. Sebäbi iňlis diliniň grammatikasynda çylşyrymlylyk ýok. Dünýäniň ähli ilatynyň takmynan 20%- i iňlis dilini suwara bilýär. Bu diýildigi 1.5 milliard ilatyň şu dilde gepleýändigini görkezýär. Mundan başga-da iňlis dili 360 million adam üçin hakyky ene dili hasaplanylýar.
Gunça NEPESOWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen
umumybilim berýän mekdep-internatynyň
iňlis dili mugallymy.
Teswirler