Itburunyň dermanlyk häsiýeti

Itburun ösümligi adam saglygy üçin aýratyn peýdaly ösümlikleriň biri hasaplanýar. Onuň miweleri dürli dermanlyk häsiýetlere eýedir. Ilkinji nobatda, itburun C witamininiň örän baý çeşmesidir. Bu witamin bolsa immun ulgamyny güýçlendirýär, sowuklama we beýleki ýokanç kesellere garşy bedeniň gorag ukybyny artdyrýar.

Itburun gan aýlanyş ulgamyna hem oňyn täsir edýär. Onuň düzümindäki witaminler gan damarlarynyň diwarlaryny berkidýär we gan basyşyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Şeýle-de, bu ösümlik siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýar. Aşgazan bilen içegeleriň kadaly işlemegi üçin peýdalydyr.

Itburun böwrekleriň işini güýçlendirip, bedenden artyk suwy we zäherli maddalary çykarmaga ýardam berýär. Şeýle-de, itburun ýaralaryň tiz bejerilmegine hem oňyn täsir edýär. Onuň ýag görnüşindäki önümleri deriniň täzelenmegine kömek edýär we ýaralaryň tiz bitmegini üpjün edýär.

Itburunyň miwelerinden çaý, miwe suwlary we dermanlyk damjalary taýýarlanylýar. Umuman itburun tebigy derman hökmünde saglygy goramakda möhüm rol oýnaýar.

Baýramgözel BAKYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ
Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok