Zenanlara pul sowgatlary gowşurylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken çözgüdine laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde körpeje gyzjagazlardan başlap, kümüş saçly enelerimize pul sylaglarynyň gowşurylyş dabaralaryna giň orun berilýär.

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň, ýaşlaryň, baýdak boýly gyz-gelinleriň, kümüş saçly eneleriň ornuna ýokary baha berilýär, sarpasy belent tutulýar. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgelerden ugur alýan beýik işleriň hatarynda durýan şeýle sahawat serpaýy zenanlara döwlet derejesinde goýulýan aýratyn hormatyň mazmunyny açyp görkezýär. Dabaralarda ajaýyp baýramçylyk sowgady üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok