Mollagara – tebigy bejerginiň merkezi

Mollagara şypahanasy Türkmenistanyň saglygy dikeldiş we dynç alyş merkezleriniň biri bolup, ol mineral taýdan baý suwy we palçygy bilen meşhurdyr. Mollagara köli we onuň töweregindäki tebigy serişdeler dürli keselleriň bejergisinde giňden ulanylýar. Bu ýer diňe bir şypahana bolman, eýsem, dynç alyş we tebigat bilen ýakynlaşmak üçin ajaýyp mekandyr.

Mollagara şypahanasy Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynda, Hazar deňziniň kenaryna golaý ýerleşýär. Bu sebitiň howasy arassa we şypahana gelýän myhmanlar üçin saglygy dikeldiji täsire eýedir. Mollagara köli örän duzly bolup, onuň suwy we palçygy dürli minerallar bilen baýlaşdyrylandyr.

Mollagara köli, howanyň üýtgemegine baglylykda, ýylyň dürli pasyllarynda reňkini üýtgedip bilýän özboluşly tebigy kölleriň biridir. Onuň suwy natriý-hlorid, brom, magniý we beýleki minerallar bilen baý bolup, saglygy bejermekde aýratyn peýdalydyr.

Mollagara kölünde bejeriji täsirli natriý-hlorid we brom minerallary bolan suw ulanylýar. Bu suw bogun, nerw, dem alyş we derini sagaltmakda peýdalydyr. Kölüň palçygy bedene çalnanda gan aýlanşy gowulandyrýar, deri we bogun kesellerine peýdaly täsir edýär.

Mollagara diňe bir saglygy dikeltmek üçin däl, eýsem, dynç almak üçin hem amatly ýerleriň biridir. Şypahananyň içinde wagtlaýyn ýaşamak üçin oteller we kottejler, dürli saglygy dikeldiş bölümleri, ýöriteleşdirilen sport meýdançalary, restoran we dynç alyş ýerleri bar. Şypahananyň amatly we arassa howasy, deňiz kenaryna golaýlygy hem onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Söhbet SERDAROW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok