Bilimli nesil-nurana geljek

Ylym-bilim ýurduň esasy daýanç sütünidir. Ylym-bilimiň ösdürilmegi halkyň hal- ýagdaýynyň gowulaşmagynyň, ýurduň syýasy hem-de ykdysady derejesiniň ýokarlanmagynyň esasy bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurt baştutanymyzyň tagallasy bilen ylym-bilim pudagynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze-täze döwrebap bilim edaralary, çagalar baglary, orta we ýokary okuw jaýlary gurlup ulanylmaga berilýär. Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini kämilleşdirmekde ýokary tejribeler toplandy. Çagalar baglaryndaky körpejelerimizden başlap döwletimiziň islendik bilim ojaklarynda bilim alýan ýaş nesillerimize informatika dersleriniň okadylmagy şeýle-de daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilýän, dünýä bilimleriniň gazananlaryndan habarly ýaşlaryň kemala gelmegine giň mümkinçilikler döredip berýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny bilýän, ýurdumyzyň her bir üstünliklerine buýsanýan, Ata Watanymyzyň ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşýan watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň esasy borjumyzdyr. Döwletimiziň ýagty ertiri bolan ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, sagdyn pikirli, ruhy hem-de ahlak taýdan arassa bolup ýetişmekleri üçin bu ugurda zähmet çekýän pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipesi has ýokarydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp ýurdumyzda mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, iş tejribeleriniň artdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär.

Şeýle asylly hem-de hormatly käriň eýesi hökmünde bize ynanylan jogapkärli işlerde irginsiz zähmet çekip halkymyzyň, Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny ödäp, Ata Watanymyz Türkmenistany ak ertirlere sary öňe alyp gitjek watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Bize işlemäge, okatmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän, şular ýaly eşretli zamanda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan her bir işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Gurbangözel DURDUMUHAMMEDOWA,

Murgap etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň
başlangyç we geografiýa mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok