Akyldar şahyryň eserleri ruhy hazynadyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Türkmenistan ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berlip, bu ugurlar boýunça ýola goýulýan işler barha kämilleşdirilýär. Özüniň çuňňur many-mazmunly, pähim-paýhasa ýugrulan eserleri, şygyrlary bilen gaýtalanmajak ruhy bitewüligi kemala getiren, merdana halkymyzyň beýik akyldar şahyry, tutuş adamzadyň hem-de döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini ylmy esasda öwrenmeklige uly üns berilýär. Çünki baý medeni mirasymyz, şahyryň gymmatly eserleri halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Bu gymmatlyklaryň birnäçesi dünýä mirasynyň genji-hazynasy hökmünde halkara derejesinde hem ykrar edildi. Dana şahyr kitap okamagy, bilim-ylym öwrenmegi manyly ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň, dünýä düşünmegiň, pikirlenişiňi ösdürmegiň, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmegiň, ruhuňy belent tutmaklygyň esasy hasaplapdyr.

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama agza döwletleriň şanly seneleriniň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklibiň we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini hem ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşmak hakynda Türkmenistanyň başlangyjynyň goldanylmagy halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan, görnükli türkmen şahyrynyň döredijiliginiň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli goldaw bermegi esasynda häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik akyldar şahyryň eserleri onlarça dillere terjime edilip, halkara edebi we ylmy jemgyýetçiligiň gymmatly mirasynyň hataryna goşuldy.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, agzybir halkymyzyň şöhratly geçmişi barada maglumatlar giňden beýan edilýär. Türkmeniň baý taryhy maglumatlaryny özünde jemleýän eser diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletimiziň eşretli zamanasyna buýsanjyň-da beýany bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ähli ylmy-filosofik eserleri biziň her birimiz üçin döredijilik taýdan gymmatly gollanmadyr, ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, halallyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly genji-hazynadyr. Çünki Alym Arkadagymyz: “Pederlerimiz şöhratly geçmiş taryhymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitirdiler. Häzirki nesilleriň borjy bolsa ony indiki nesillere ýetirmekdir” diýip belleýär.

Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň görnükli söz ussadynyň mirasynyň, onuň dünýä edebiýatyna goşan goşandynyň, şahyryň ýubileýi mynasybetli guralan çäreleriň giňden beýan edilýän “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitaby hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Akyldaryň durmuş ýolunyň we döredijiliginiň ylmy esasda öwrenilişi, şahyryň pähim-parasatly wesýetleriniň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky orny, şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen şygara beslenen ýylda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň berýän bu ajaýyp kitap halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Magtymguly Pyragynyň örän baý edebi mirasy şahyryň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dostluk we doganlyk, birek-birege hormat goýmak taglymatlarynyň daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan özara gatnaşyklara hem möhüm täsir edýändigi düşnükli bolsa gerek.

Mähriban halkymyzyň milli medeniýetini, edebi mirasyny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak ugrundaky beýik işleri netijesinde şygryýet äleminiň şasy, tutuş dünýä edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini içgin öwrenmeklige giň ýol açan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Oguljahan ÖMIRKULIÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty we
olary okatmagyň usulyýeti
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok