Sylaglamak dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-21-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Döwlet ders bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary sylaglamak dabarasy 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirildi.

Dabarada, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” adym-saz topary Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdi.

Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Bibinabat NURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok