Aşgabatda “Ýaş robototehnikaçy” atly bäsleşik geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda «Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşik, ýurdumyzda umumy bilim berýän mekdepleriň 7-12-nji synplarynda okaýan okuwçylar arasynda geçirildi. Ýüzden gowrak ýaş hünärmenler özleriniň taslama işleri we robotlary bilen bäsleşige gatnaşdylar. Bäsleşik, “Akylly öý” taslama-döredijilik ugry we robototehnika ugry boýunça geçirildi.

“Akylly öý” taslama-döredijilik ugrunda, I orna Resul Annaberdiýew (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy), II orna Döwlet Saparow (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy), III orna Serdar Öwelekow (Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy) mynasyp bolup, gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Robototehnika ugrunda bolsa, I orna Ysmaýyl Çaryýew (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy), II orna Emirhan Gylyçmuhammedow (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy), III orna Rozmyrat Ýagşymyradow (Lebap welayatynyň Halaç etraby 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy) mynasyp boldy.

Bäsleşigiň dowamynda, ähli gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan sowgatlar we minnetdarlyk hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çeşme:Yashlar.gov.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok