“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda alyp barýan beýik işleri ýurduň ýagty geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagyna, hünärini kämilleşdirmeklerine giň ýol açýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler ýaş nesil baradaky nusgalyk aladalaryň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, täze döwrüň täzeçil tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykaryp bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmeklige şert döredýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi, ýaş nesliň ruhy-ahlak, aň-bilim, beden taýdan ösüşinde nusgalyk terbiýäniň utgaşdyrylmagy ähli başlangyçlarda aýdyň şöhlelenýär.

Gündelik durmuşymyzy gurşap alýan şeýle möhüm wakalaryň amal bolýan döwründe ýaňy-ýakynda biziň ýokary okuw mekdebimizde “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem-de daşary ýurtlaryň ençeme ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly ylmy-taslamalar bäsleşigi ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Halkara derejesinde ylym-bilim we oba hojalyk ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu bäsleşige 26 sany ýokary okuw mekdeplerinden 50 sany, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 100-den gowrak ylmy-taslama işleri hödürlenildi.

Halkara derejesindäki bu bäsleşigiň çäklerinde eziz Watanymyzyň oba hojalyk pudagyndaky ýetilen belent sepgitleri, gazanylan oňyn ösüşleri giňişleýin açyp görkezýän sergi hem gurnaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän bu ylmy hem taslama bäsleşiginiň açylyş dabarasy has-da täsirli bolup, onda daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň belli oba hojalykçy alymlarynyň, hünärmenleriniň çykyşlary diňlenildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ylmy-taslamalar bäsleşiginde ençeme ylmy-taslamalara seljerme berildi.

Oba hojalyk taslamalary, Işewürlik taslamalary we IT – taslamalary ýaly üç ugur boýunça gurnalan bu halkara bäsleşiginde biziň türkmen ýaşlarymyz hem ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Mähriban ýurdumyzyň ylym-bilim, oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmekde we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan şeýle bäsleşikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesliň çuňňur ylym-bilim almagy babatda edilýän taýsyz tagallalary äşgär edýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok