TDYwDI-de Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeler barada maslahat geçirildi

Türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tekliplerine bagyşlanan iş maslahaty

Türkmn halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe süren tekliplerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda giň gerimli iş maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň çäginde professor mugallymlar, talyp ýaşlar we ene-atalar öz teklipleri bilen çykyş etdiler we möhüm meseleler barada pikir alyşdylar.

Maslahatyň dowamynda institutymyzyň ähli fakultetleriniň kafedralarynda aýratyn sessiýalar geçirildi. Bu çärelerde ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, häzirki zaman dolandyryş usullary, hem-de milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň peýdalary dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de, iş maslahatyna gatnaşyjylar teklipleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edip, ýaş nesilleriň bilim-terbiýe taýdan ösmegi babatda hem öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň agzalarynyň öňde goýlan maksatlary ýokary derejede amala aşyrmakda aladaly işleýändikleri maslahatyň dowamynda aýdyň göründi. Şeýle çäreler ýurdumyzyň ösüşine uly itergi berip, ýaşlarymyza Watana bolan söýgi duýgusyny artdyrmaga ýardam edýär.

Wepa ILJANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok