BRIKS sammiti öz işine başlady

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde BRIKS sammiti öz işine başlady. Bu sammite hem-de onuň ýany bilen geçirilýän halkara forumlaryna 36 sany halkara wekilçilikli topar gatnaşýar. Ýurtlaryň Liderleri köppolýarlygyň meselelerini hem-de guramanyň işine täze agza döwletleriň goşulmagyny ara alyp maslahatlaşarlar. Bu çärä BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş hem gatnaşýar.

Sammit üçin baş meýdança hökmünde 140 müň inedördül metrlik «Kazan Ekspo» sergi merkezi saýlanyp alyndy. Sammitiň geçişini 59 ýurtdan habarçylaryň iki müňe golaýy beýan edýär. Munuň üçin 16 dilden terjimeçiler taýýarlanyldy. Sammitiň işçi dilleri – rus, iňlis, hytaý, portugal, hindi we arap dilleri bolup durýar.

Kazan üç günläp uly syýasatyň merkezi bolar. Şäher 22 ýurduň döwlet Baştutanlaryny hem-de 6 sany halkara guramanyň ýolbaşçylaryny, umumy alnanda, 20 müň töweregi myhman kabul edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, sammitiň dowamynda RF-niň Prezidenti Wladimir Putin öz daşary ýurtly kärdeşleriniň 15-si bilen duşuşyklary geçirer.

Bibijan UZAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok