Tehnologiýa hepdeliginiň çäginde Startup barada pikir alyşyldy

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetinde geçirilen Tehnologiýa hepdeliginiň çäginde Startup barada pikir alyşma duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Mekan Jumamyradow – Ak Setir dizaýn studiýasynyň esaslandyryjysy (Il halar HJ) “Brending” barada täsirli çykyş etdi. Ol brendi döretmegiň we onuň bazardaky ornunyň möhüm taraplary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle-de Merdan Ataýew – hususy telekeçi, “Ýaşlar çalt döwülýär” atly prezentasiýasy bilen çykyş edip, ýaşlara işewürlik dünýäsinde üstünlik gazanmak üçin birnäçe kynçylykly ýollardan geçmegiň zerurdygy we häzirki işewürlik ýoluny saýlan ýaşlarda gabat gelýän bökdençliker dogrusynda öz tejribesini paýlaşdy.

Merdan Ataýew – “Ýaşlar çalt döwülýär”

Duşuşyga gatnaşanlar, ýaş telekeçileriň täze başlangyçlary we telekeçilik ukyplaryny ösdürmekde gerek bolan tejribeleriň tutýan orny barada giňişleýin pikir alyşdylar. Şeýle çäreler, ýaşlary täze ösüşlere ugrukdyrmaga hem-de olaryň işewürlik pikirleriniň we başlangyçlarynyň goldanylmagy üçin möhüm mümkinçilikdir.

Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-niň
geografiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok