Güýzde dogry iýmitlenmek

  • Güýzde iýilmeli iýmitler antioksidantlara baý bolmalydyr. Olar sogan, sarymsak, ysmanak, käşir, böwürslen we ş.m miweler we gök önümlerdir.
  • Hepdede 2 güni gök-önümler ýa-da bakja önümleri bilen iýmitlenmek gyş üçin witaminleriň adam organizminde toplanmagyna we onuň netijesinde immunitetiň ýokary bolmagyna getirer. Immun ulgamynyň güýçli bolmagy dürli ýokanç keselleriň ýokuşmak howpuny azaldar.
  • Güýz paslynda şu sanaljak iýmit ýagny, banan immunitetiň güýçlenmegine, kömelek-şähdiaçyklyga, ukrop-petruşka aşgazanda iýmitiň ýeňil siňdirilmegine kömek edýär.
  • Suwy ýa-da islendik içgini sowuk bolmadyk ýagdaýda içmek maslahat berilýär. Kofe we gara çaýy içmegi azaltmak onuň deregine limonly ýa-da imbirli çaý içmek maslahat berilýär.
  • Nahar hökmünde birinji naharlary (çorba) köpräk içmek maslahat berilýär. Howanyň temperaturasynyň peselmegi adam organizminiň sowuklamagyna getirýär. Islendik görnüşdäki çorbalar bolsa iýmitleriň beýleki görnüşlerine garanyňda köp wagtlap dok saklaýar.

Kemal ARSLANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok